Biz barada
TARYHY
2018-nji ýylda “DÄP” brendi öz ýoluna başlady. Bu döwürde birnäçe döredijilikli şahsyýetler uly bolmadyk topara jemlenşip, özboluşly printly futbolkalarda türkmen medeniýetine bolan hyjuwyny durmuşa geçirmekde tagallalaryny birleşdirdiler. Bu önümleriň her bir çitimine illýustrasiýalar bilen gürrüň berilýän özboluşly taryh giriziler.
«DÄP» — diňe bir adamlar topary däl, eýsem aýratyn özboluşly bir zat döretmek üçin öz zehinini siňdiren döredijilik maşgalasydyr.
2019-njy ýylda “Berkarar” Söwda Merkezinde açylan dükanymyz diňe bir satuw ýeri däl-de, eýsem soňky kolleksiýalarda gaýtalanmaýan özboluşly pikirleri janlandyrýan art-oýlap tapmalaryň eksklýuziw önümleriniň oazisi boldy. Bu ýerde her bir zat – diňe bir eşik däl-de, taryhyň we duýgularyň hakyky janlanmasydyr. Döredijilik topary brendi eksperimental önümçilik sehinden erkekler, aýallar we çagalar üçin eşikleri döredýän hakyky kompaniýa öwürdi.
2020-nji ýyldan 2021-nji ýyl aralygy “DÄP” öz assortimentini giňeldýär. SOYUNOVA ýerli brendi bilen hyzmatdaşlyk brendiň reňklerine täze öwüşginleri goşýar.
“Aşgabat” Söwda Merkezinde ikinji dükanyň açylmagy, täze lineýkalary görkezmek, şeýle hem çaga eşiklerini goýbermek diňe bir ösüşiň alamaty bolman, döredijilige barýan ýolda täze gymmatly hyzmatdaşlary edinmäge mümkinçilik berýär.
2022-nji ýylda kompaniýa brendimize bolan umumy söýgüden jemlenen DÄP COMMUNITY özboluşly jemgyýetiň pikirleriniň kemala gelmegine itergi beren DÄPFEST birinji iri çäresini geçirýär. Bu konsepsiýa ýylyň ahyrynda, aýratyn hem täze kolleksiýanyň köpçülige goýberilýän döwründe, brende bolan ünsüň wajyp bölegine öwrüldi.
2023-nji ýyl täze çagyryşlaryň döwri boldy. “DÄP” “Trendýol” marketpleýsa goşulmak bilen dünýä bazaryna çykdy. Soňra bolsa Daşkent şäherinde geçirilen dokma we moda senagatynyň 7-nji halkara sergisinde öz kolleksiýasyny görkezdi. Bu ösüşiň täze tapgyry bolman, hyjuwyň we döredijiligiň mümkinçilikleriň has hem giňden açyp görkezýän halkara giňişlige tarap ädimdir.
Şol bir ýylda “DÄP” kiçijik alyjylaryň her bir ädimini taryh we arzuwlar boýunça ajaýyp syýahata öwürmek bilen özüniň çagalar dükanynyň gapysyny açdy. Bu modanyň we döredijiligiň janlanan ýerinde, her bir çaga kolleksiýasy şadyýanlygyň we stiliň täsirli baýramçylygy bolup durýar.
©2023 All rights reserved.